Gazak sudy “etniki dartgynlyklary öjükdirmekde’ aýyplanan aktiwiste jerime salýar
Hytaýdaky etniki gazaklaryň azat edilmegi üçin kampaniýa gurnan Serikžan Bilaş sud otagyndan çykandan soň goldawçylaryna özüniň azat edilmeginiň “halk üçin ýeňiş” bolandygyny aýtdy.
“Atažurt Eriktileri” (Ataýurt meýletinçileri) toparynyň lidreri Bilaş mart aýyndan bäri Nur-Soltandaky öýünde öý tussagy edilip saklanýardy. Ol Sinjiaňdan Gazagystana gelip, bu ýerde oturym alan hytaýly gazaklar bilen birnäçe ýygnanyşyk gurandan soň tussag edildi.
Ol Hytaý hökümetiniň “täzeden terbiýeleýiş” diýip atlandyrýan lagerlerindäki şertleri tankytlady. Bilaş bu lagerlerde edilýändigi aýdylýan sütemler sebäpli Hytaýyň Kommunistik partiýasyna garşy gozgalaň turuzmagy wagyz etmekde aýyplandy.