Fransuz prezidenti G7 sammitinden öň eýran resmileri bilen duşuşýar
Ýewropanyň üç ýurdy, şol sanda Fransiýa 2015-nji ýylyň ýadro ylalaşygyny, Eýranyň ýadro programmasyny jylawlan we Tährana garşy sanksiýalary azaldan şertnamany saklap galmaga çalyşýar.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp geçen ýyl bu şertnamadan çekildi we sanksiýalary dikeltdi.
Bu ýagdaý Waşington bilen Tährany gapma-garşylyga tarap itekledi.