Rus habar agentlikleri Sentsowyň Moskwadaky türmä geçirilendigini habar berýär
Rus habar agentlikleriniň ikisi ukrain film direktory Oleh Sentsowyň Orsýetiň Arktika regionyndan Moskwadaky tussaghana geçirilendigini habar berýär.
TASS we Interfaks, ady aýdylmaýan çeşmelere salgylanyp, 29-njy awgustda Sentsowyň Ýamalo-Nenetsk awtonom etrabyndaky türmeden Moskwadaky 2-nji tussaghana, Butyrskaýa türmesine geçirilendigini habar berdi.
Bu çäre ukrain sudunyň tussagdaky rus žurnalisti Krill Wişinskini azat etmek barada çykaran kararynyň yz ýanyna gabat geldi.
Kiýew bilen Moskwanyň arasynda soňky hepdelerde onlarça tussagy alyşmak hakynda gepleşikleriň barýandygy habar berildi.
Orsýetiň 2014-nji ýylda Krym ýarymadasyny ele geçirmegine açyk garşy çykan Sentsow Orsýetde terror aýyplamalarynda aýyplanyp, 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol we onuň tarapdarlary bu aýyplamany ret edýär.