Tramp Ukraina berilýän harby kömegi togtatmagyň pikirini edýär, ABŞ kanun çykaryjylary gaharlanýar
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ukraina berilmeli 250 million dollar harby kömegiň şöni baglamagyň pikirini edýär, bu ýagdaý ABŞ-nyň iki partiýasynyň hem agzalaryndan saýlanan kanun çykaryjylaryň garşylyklaryna sezewar boldy diýip, Günbatar mediasy habar berýär.
“Politiko” we “Roýters” uly derejeli adminstrasiýa resmilerine salgylanyp, Trampyň Kiýew tarapyndan gündogar Ukraina Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistlere garşy söweşde ulanylýan harby kömek programmasyna gaýtadan syn bermegi buýrandygyny habar berdi.
Bu synda “ol pullaryň Birleşen Ştatlaryň iň gowy bähbitlerine hyzmat edip-etmeýändigi” anyklanmaly diýip, “Politiko” 28-nji awgustda habar berdi. Neşiriň çykarýan netijesine görä, bu Trampyň Kiýewe berilýän kömegiň öňüni beklemek pikirini edýändigini aňladýar.