Parahatçylyk ylalaşygy ‘prinsipde’ ylalaşylan mahaly, 'Talybanyň' hüjümi Kabuly sarsdy; 16 adam öldi
“Talyban” topary 2-nji sentýabrda Kabulda azyndan 16 adamyň ölümine sebäp bolan ulagly bomba partlamasynyň we ýaragly adamlaryň hüjüminiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Bu hüjüm “Talyban” topary Owganystanda 18 ýyl bäri dowam edýän konfliktiň soňuna ýetmek boýunça “prinsipde” ylalaşan mahalyna gabat geldi. Bu Birleşen Ştatlaryň gatnaşmagyndaky iň uzaga çeken söweşdir.
Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Nusrat Rahimi partlamanyň owgan paýtagtynda, daşary ýurt guramalarynyň we ýardam berýän agentlikleriniň ýerleşýän uly toplumynda amala aşyrylandygyny aýtdy.
“Düýn gije amala aşyrylan hüjümde azyndan 119 adam ýaralandy... Partlama içi partladyjy serişdeden doldurylan traktor sebäp boldy” diýip, Rahimi 3-nji sentýabrda aýtdy.
Bu hüjüm Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad owgan resmileri bilen parahatçylyk ylalaşygynyň taslamasyny maslahat etmek üçin Kabula baran mahalyna gabat geldi.