Moldowan prezidenti Dodon Orsýetiň gaz bahalaryny arzanladandygyny aýdýar
Moldowanyň prezidenti Orsýetiň 1-nji oktýabrdan başlap öz ýurduna satýan tebigy gazynyň bahasyny arzanlatjakdygyny aýdýar.
Igor Dodon bu beýanaty 7-nji sentýabrda Kremlde rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşandan soň, feýsbukda galdyran ýazgysynda etdi.
"Biz gaz pudagynda etjek hyzmatdaşlygymyz babatynda prinsipde ylalaşyga geldik we indiki ätjek ädimlerimizi tassykladyk, olar maňa gaz tarifleriniň ahyrky ulanyjylara satylýan nyrhlaryny ýokarlandyrman saklamaga ygtyýar berýär” diýip, Dodon aýtdy.
Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow iki tarapyň käbir meseleler barada ylalaşmaklarynyň gerekdigini aýtdy diýip, rus mediasy habar berdi.
Ýewropanyň gaz nyrhlary, talabyň azalmagy we Birleşen Ştatlardan gelýän suwaldylan tebigy gazyň möçberiniň köpelmegi netijesinde soňky 10 ýylda iň pes derejesine düşdi.
Moldowanyň “Gazprom” bilen, Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki gaz läheňi we geçiriji operatory bilen baglaşan şertnamasy basym möhletini doldurýar we bu ýagdaý iki döwletiň bahalar barada täzeden söwdalaşmagyny talap edýär.
Moldowa Ýewropanyň iň garyp ýurtlarynyň biri bolup durýar we gaz bahalarynyň ýokarlanmagy onuň ozalam ýeňil bolmadyk ykdysady ýagdaýyna ýaramaz täsir ýetirip biler.
Prezident Putin bilen 30 ýyla golaý wagt bäri çözülmeýän bölüniji sebit, Transdinester barada hem gepleşendigini aýtdy.