9/11 terror hüjümleriniň ýyl dönüminde Kabuldaky ABŞ ilçihanasynyň golaýynda partlama boldy
11-nji sentýabr güni irden ABŞ-nyň Kabuldaky ilçihanasynyň golaýynda, Owganystanyň Goranmak ministrliginiň howlusynda Birleşen Ştatlarda 11-nji sentýabrda bolan terror hüjümleriniň ýyl dönümine gabat raketa partlamasy boldy.
AP we AFP habar gulluklarynyň maglumatyna görä, raketa partlamasy zerarly ejir çeken bolmady.
"Goranmak ministrliginiň diwaryna raketa zarbasy uruldy, pida bolan ýok” diýip, Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nosrat Rahimi aýtdy.
Ilçihananyň içindäki işgärler ses gataldyjy arkaly berlen habary eşitdiler: “Raketanyň ýarylmagy sebäpli partlama boldy.”
"Biz ABŞ-nyň Kabuldaky ilçihanasynyň golaýynda partlama bolandygyny tassyklaýarys” diýip, Döwlet departamentiniň sözçüsi aýtdy. "Partlama ABŞ-nyň [diplomatik] missiýasynyň işgärlerine göni täsir ýetirmedi" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Partlama Birleşen Ştatlara edilen 11-nji sentýabr terror hüjümleriniň 18 ýyllygyna we prezident Donald Trampyň “Talyban” bilen alnyp barylýan parahatçylyk gepleşikleriniň “ölendigini” yglan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.