Khan Trampy owgan “Talybany” bilen gepleşikleri täzeden başlatmaga çagyrdy
Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa ýüzlenip, owgan “Talybany” bilen parahatçylyk gepleşiklerini täzeden başlatmaga çagyrdy.
Khan bu barada 23-nji sentýabrda, Nýu-Ýorkda geçýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatynyň çäklerinde, Tramp bilen duşuşygynyň öňüsyrasynda çykyş etdi.
“Owganystandaky durnuklylyk Pakistandaky durnuklylygy aňladýar” diýip, Khan sözüne goşdy.
Tramp ABŞ-nyň Owganystanda 18 ýyl bäri uruş alyp barmagyny “bolgusyzlyk” atlandyrdy, emma “Talyban” bilen gepleşikleri ýaňadandan başlatmak boýunça hiç hili wada bermedi. Tramp: “Biz göreris” diýdi.
Şu aýyň başynda Tramp jeňçi topary bilen gepleşikleri ýatyrypdy. Katarda dokuz tapgyr geçirilen gepleşikleriň dowamynda ABŞ-nyň we “Talybanyň” araçylary Owganystandaky urşy togtatmak ugrunda tagalla edipdiler.