Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabatda içeri işler ministriň sürüjisi tussag edildi. Isgender Mulikowyň hem wezipesinden boşadylan bolmagy mümkin

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň (IIM) düzüminde arassalaýyş işleri geçirilýär. Häzirki pursat içeri işler ministri Isgender Mulikowyň sürüjisiniň tussag edilendigi tassykandy. Mulikowyň wezipesinden boşadylandygy, hatda onuň tussag astyna alnandygy barada hem tassyklanmadyk maglumat bar. 1-nji oktýabrda IIM-niň ençeme edara ýolbaşçysynyň hem wezipesinden boşadylandygy barada maglumatlar gowuşýar.


Azatlyk Radiosynyň habarçysy içeri işler ministri Isgender Mulikowyň sürüjisi – Maksat Amanowyň tussag edilendigini tassyklamagy başardy. Habarçy Amanowyň il içinde “Şatyr” ady bilen hem tanalýandygyny belledi.


Turkmen.news neşiri ministr Isgender Mulikowyň hem wezipesinden aýrylandygyny habar berýär.


Azatlyk Radiosy bu maglumaty heniz ne tassykladyp, ne-de inkär etdirip bildi. Turkmen.news bu wezipä Mämmethan Çakyýewiň bellenendigini ýazýar. Ol mundan öň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary bolupdy.


Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mulikowyň sürüjisiniň tussag astyna alynmagynyň ýakynda aşgabatly iri telekeçi Çary Gulowyň we ozalky söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Amandurdy Işanowyň tussag edilmegi bilen baglydygyny aýdýar.




 


Habarçy Mulikowyň eýýäm wezipesinden boşadylandygyny tassyklamasa-da, munuň, öz çeşmelerine salgylanyp, ýakyn wagtda boljakdygyny belledi.


Bu ýagdaýlardan habarly çeşmeleriň habarçymyza aýtmagyna görä, geçen aý tussag edilen Çary Gulowyň içeri işler ministri bilen ýakyn gatnaşyklary bolupdyr. Gulowyň Mulikowyň biznes bähbitlerini dolandyrandygy hem aýdylýar. Mulikowyň sürüjisi bolsa bu bähbitleri ýola goýmakda möhüm roly oýnapdyr.


Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mulikowyň biznes bähbitlerine ençeme restoranyň, kafedir dükanlaryň girendigini aýtdy.


“Häzirki wagt ‘Okean’ restorany, ‘Aýeperi’ kafesi, ‘Türk nygmatlary’ kafesi konfiskasiýa edildi. Bularyň ählisini Gulow dolandyrýardy. Gözegçiligi bolsa, Mulikowyň sürüjisi amala aşyrýardy” diýip, habarçymyz öz çeşmelerine salgylanyp maglumat berdi.


“Mundan başga-da, Maksat Amanow dürli meseleler boýunça üçünji taraplar bilen ministriň arasynda araçy hökmünde hereket edýärdi” diýip, habarçymyz ýagdaýlardan habarly çeşmäniň sözlerini getirdi.


1-nji oktýabrda IIM-niň düzümindäki edaralaryň ençeme ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň hem wezipelerinden boşadylandygy aýdylýar.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary IIM-däki arassalaýyş işleriniň Isgender Mulikow bilen beýleki täsirli güýç edarasynyň, ýagny Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň ministri Ýaýlym Berdiýew bilen täsir ugrundaky bäsdeşligiň netijesinde dörändigini çaklaýarlar.


Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri 44 ýaşly Mulikowyň 2017-nji ýyldan bäri wezipesinden meýletin gitmekçi bolýandygyny, bu barada azyndan bir gezek prezident Gurbanguly Berdimuhamedowdan haýyş edendigini, emma soňkynyň muny ret etdendigini aýdýarlar.


Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Mulikowa prezidentiň ýakyn garyndaşlarynyň hataryndan biriniň howandarlyk edýändigini hem nygtaýarlar.


Mulikow 2009-njy ýyldan bäri IIM-niň ministri wezipesinde işleýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *