Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ýakymsyz ys we mör-möjekler. Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynda suw ýygnanýar

Türkmenistanyň paýtagtynda ýaşaýyş jaýlaryň ýezeminlerinde suw ýygnanýar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, ýerzeminlerdäki suw zerarly ýaşaýyş jaýlarda we olaryň töwereginde ýakymsyz ys döräpdir, mör-möjekler köpelipdir, üstesine elektrik simleriň sandan çykmak howpy ýüze çykypdyr.




"Şäheriň merkezindäki köp öýli ýaşaýyş jaýlaryň ençemesinde, şol sanda Alişer Nawoýy we Kemine köçeleriniň ugrunda ýerleşýän binalarda turbalardan suw akýar we ýerzeminlere suw ýygnanýar. Porsy ysdan ýaňa dem alar ýaly däl. Bu Aşgabadyň tas merkezi köçeleridir" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri 30-njy sentýabrda habar berdi. 




 


Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we diňleýjileriniň aýtmagyna görä, suw geçiriji turbalaryň sandan çykmagy we ýerzeminlerde suwuň ýygnanmagy ýaly ýagdaý şu günler Aşgabadyň merkezi bölekleriniň birnäçesinde, şol sanda Oguzhan, Nurmuhammet Andalyp köçelerinde we Parahat-3, Parahat-5, Parahat-6 we Howdan etrapçalarynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlarda duş gelýär. 


"Kanalizasiýanyň hapalary göni ýerzeminlere akyp barýar. Ýaşaýjylar binýadyň çöken ýerleriniň bardygyny aýdýarlar. Bu etraplaryň merkezde ýerleşýändigi sebäpli, bu ýagdaýdan häkimiň özi habarly edilipdir, emma bejeriş üçin pul ýok" diýip, habarçylarymyzyň biri aýdýar. 




​Azatlyk Radiosy Aşgabadyň häkimliginiň özünden resmi maglumat alyp bilmedi.  


Şol bir wagtyň özünde-de, habarçylarymyzyň sözlerine görä ýerzeminlerini suw basan jaýlaryň ýaşaýjylary bu ýagdaý sebäpli elektrik simleriň sandan çykmagyndan we hatda ýangynyň döremeginiň ähtimaldygyndan howatyrlanýarlar. 


​Üstesine, ýaşaýjylar ýerzeminlerde ýygnanan suw sebäpli ýakymsyz ysdan we mör-möjekleriň köpelmeginden ejir çekýärler. 


"Baýramçylygyň öňýany bu jaýlaryň ýüz tarapyny reňklediler, emma olaryň golaýyndan porsy ysyň derdinden geçer ýaly däl. Ýaşaýjylar siňekden şikaýat edýärler. Bejeriş işgärleri çagyrylanda, olar kanalizasiýany doly çalyşmalydygyny aýdýarlar" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýdýar.




Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerindäki çyglyk sebäpli soňky aýlarda ýerli ýaşaýjylar mör-möjekleriň we gemrijileriň öň görlüp-eşidilmedik möçberde köpelmegine şaýat boldular. 


Şu ýylyň tomsunda Howdan-B etrapçasynyň ýaşaýjylary büreleriň köpelmegine sezewar boldular. Şol bir wagtda-da 11-nji etrapçasynyň ýaşaýjylary syçanlaryň öň görlüp eşidilmedik möçberde köpelmegine şaýat boldular.


Şeýle-de, Aşgabatda şu ýyl paýtagtda bolan güýçli ýagynlar hem binalaryň ýerzeminleriniň suwdan dolmagyna getiripdi. 


Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *