Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedew iki günlük resmi sapar bilen Kuba bardy
Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedew iki günlük resmi sapary amala aşyrmak üçin 3-nji oktýabrda Kuba bardy.
Ol bu ýerde Kubanyň prezidenti Miguel Diaz-Canel bilen duşuşar, şeýle-de ýurduň paýtagtynyň çetindäki energiýa proýektini we Gawananyň hökümet binasynda amala aşyrylýan abatlaýyş işlerini baryp görer. Moskwa bu binanyň altyndan ýasalan gümmezini sowgat beripdi.
Rus hökümetiniň websaýtynda ýaýradylan beýanata görä, Medwedew “Russiýa bilen Kubanyň arasyndaky söwda, ykdysady, maýa goýum, energiýa, transport, medeniýet, ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň aktual meselelerini ara alyp maslahatlaşar”.
Gepleşikleriň yzýany özara ylalaşyklaryň we söwda şertnamalarynyň ençemesine gol goýuljakdygy aýdylsa-da, olar barada jikme-jik maglumat berilmeýär.
Medwedewiň Kuba edýän sapary, adada ýerleşýän ýurduň Birleşen Ştatlaryň ýiti sanksiýalary sebäpli täze ykdysady krizisi başdan geçirýän mahalyna gabat geldi diýip, AP neşiri ýazýar.