“Talyban” söweşijileri Owganystanda 7 polisiýa ofiserini öldürdi
“Talyban” söweşijileri Kabulyň demirgazyk-günbataryndaky Kapisa welaýatynda barlag nokadyna hüjüm edip, alty sany polisiýa ofiserini öldürdi diýip, resmiler 5-nji oktýabrda aýtdy.
Welaýat geňeşiniň agzalary Mohammad Hussain Sanjani we Mohammd Mahfooz Safi “Talybanyň” öten agşam gyrak-çetdäki Nejrad etrabynda eden hüjüminde ýene üç ofiseriň ýaraly bolandygyny aýtdy.
Olar “Talybanyň” Nejratda hem ornaşyp, käte bu ýerdäki barlag nokatlaryna hüjüm edýändigini gürrüň berdiler.
4-nji oktýabr agşamy Owganystanyň Balh welaýatynyň Zareh etrabynyň polisiýa başlygy golaýda talyban jeňçilerinden alan ok ýarasyndan jan berdi.
Bu hüjümler talyban gepleşikçileriniň Yslamabatda ABŞ-nyň parahatçylyk wekili Zalmaý Halylzad bilen prezident Donald Tramp parahatçlyk prosesi “öldi” diýeli bäri ilkinji gezek duşuşandyklaryny yglan eden wagtynda bolýar.