Kosowanyň parlament saýlawlarynda iki oppozision partiýa ýeňiş gazandy
7-nji oktýabrda daňdan sagat 3:56 töwereginde sesleriň 96%-ne golaýy sanalanda, Merkezi Saýlaw Komissiýanyň websaýtynda çepçi-milletçi Wetewendosje partiýasynyň sesleriň 26%-ne golaýyny alandygy, merkezi-sagçy Kosowanyň Demokratik ligasy partiýasynyň sesleriň 25%-ni alandygy görünýär.
Wetewendosje partiýasynyň lideri Albin Kurti ýeňiş yglan edip, Kosowa üçin “täze babyň” açylandygyny aýdan mahaly, Pristinada partiýanyň agzalary wakany şatlyk bilen bellediler.
Häkimiýetdäki öňki partiýa – Kosowanyň Demokratik partiýasy – soňky onýyllygyň dowamynda syýasatda agalyk etdi. Bu partiýa soňky saýlawlarda sesleriň 22%-den hem azyna eýe bolup, üçünji orunda ýerleşdirildi.
“Kosowanyň Demokratik ligasy partiýasy bilen bilelikde ýurduň parlamentinde azyndan 60 ornumyzyň boljakdygy örän begendiriji” diýip, Kurti ýerli media serişdesine aýtdy.