Eýranyň nebit tankeri raketa hüjümine çalym edýän urga sezewar boldy
Eýranyň nebit tankeri Saud Arabystanyň kenar ýakasynda raketa hüjümine çalym edýän urga sezewar bolup, onuň üstündäki nebit Gyzyl Deňze döküldi diýip, Eýranyň Milli Tanker Kompaniýasy (EMTK) maglumat berýär.
Sabini gäminiň korpusynda biri-birinden aýra iki partlama boldy. Döwlet eýeçiligindäki kompaniýa hadysanyň 11-nji oktýabrda saudlaryň Jeddah port şäherinden 100 km töweregi uzaklykda ýüze çykandygyny aýdýar.
Beýanatda partlamanyň “raketa hüjümi sebäpli ýüze çykan bolan bolmagynyň mümkindigi” bellenilýär.
Döwlet mediasy Eýranyň Milli Nebit Kompaniýasyna salgylanyp, gämä iki raketanyň atylandygyny habar berdi.
Hadysa boýunça saud resmilerinden bata-bat reaksiýa bolmady.
Bu sebitdäki ýagdaýlaryň dartgynlaşan döwrüne gabat geldi.
“Gäminiň ähli ekipaž agzasy howpsuzlykda, gämi hem durnukly ýagdaýda” diýip, Eýranyň Milli Tanker Kompaniýasy maglumat berýär.