Türkmenistanyň prezidenti oktýabrda Ýaponiýa we Azerbaýjana sapar eder
Türkmenistanyň prezidenti 21-23-nji oktýabrda Ýaponiýada saparda bolar. Bu barada 18-nji oktýabrda geçirilen hökümet maslahatynda, daşary işler ministri, wise-premýer Reşit Meredowyň beren hasabatynda aýdyldy.
TDH-nyň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2009-njy, 2013-nji hem-de 2015-nji ýyllarda Ýaponiýa sapar etdi, Ýaponiýanyň premýer-ministri 2015-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda boldy.
Şeýle-de neşir Ýaponiýany Türkmenistanyň esasy maýa goýum hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirdi, ýöne anyk detallary aýtmakdan saklandy.
Sapar netijesinde “resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar”.
Şeýle-de Berdimuhamedow 25-nji oktýabrda Azerbaýjana sapar edip, Baku şäherinde Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammitine gatnaşar.