Gazak prezidenti ozalky ýurt baştutany Nazarbaýewe goşmaça ygtyýarlyklary berdi
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň ozalky lideri Nursoltan Nazarbaýewe goşmaça ygtyýarlyklary berýän buýrugy kabul etdi.
66 ýaşly Tokaýew Nazarbaýewiň martda garaşylmadyk ýagdaýda wezipesinden çekilmeginden soňra prezident bolupdy.
79 ýaşly Nazarbaýew Gazagystana 30 ýyl çemesi ýolbaşçylyk etdi. Onuň häzirem ýurduň syýasy durmuşynda uly rol oýnaýandygy bellenilýär.
21-nji oktýabrda çap edilen buýrukda nygtalmagyna görä, Tokaýew döwlet edaralaryna we ministrliklere ýolbaşçy bellemezden ozal Nazarbaýew bilen maslahatlaşmaly. Muňa daşary işler, içeri işler we goranmak pudaklary girmeýär.
Şol bir wagtda, Tokaýew Milli Howpsuzlyk Komitetiň ýolbaşçysyny, şeýle-de welaýat häkimlerini we beýleki ýokary derejeli ýolbaşçylary bellände Nazarbaýew bilen maslahatlaşmaly bolar.
Nazarbaýew häkimiýetden çekilende Tokaýewi özüniň mirasdüşeri hökmünde saýlapdy.
Tokaýew martda wagtlaýyn prezident boldy, iýunda hem täze prezident hökmünde kasam getirdi. Halkara gözegçileri prezidentlik saýlawlarynyň dowamynda “giň gerimli bidüzgünçilikleriň” bolandygyny bellediler.