Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen resmileri ýurduň adam hukuklary boýunça halkara borçlaryny maslahat etdiler

Türkmen resmileri ýurduň adam hukuklary boýunça halkara borçlaryny maslahat etdiler

Türkmenistanda adam hukuklary meselesi maslahat edildi. Döwlet, kanun we demokratiýa institutynda 24-nji oktýabrda geçirilen maslahatda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara gumanitar kanunlary ugrundaky halkara borçlaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça pudakara komissiýasynyň işine seredilipdir.

Döwlet metbugatynyň maglumatyna görä, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri komissiýasynyň 9 aýyň dowamynda alyp baran işlerine seredipdir. Hususan-da, olar ýurduň BMG bilen partnýorlygyna ýokary baha beripdir. Şeýle-de, maslahatda 2020-2022 ýyllaryň aralygynda Türkmenistanda adam gaçakçylygyna garşy göreşmek boýunça milli plana, 2020-2025-nji ýyllaryň aralygynda çaganyň irki ösüşi boýunça milli strategiýasyna we jyns diskriminasiýasynyň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça halkara konwensiýasynyň berjaý edilişi barada milli hasabatyň taslamasyna seredipdir. 

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda adam hukuklary boýunça bar bolan agyr problemalary gozgamaýarlar. Adam hukuklarynyň berjaý edilmegine borçly döwlet edaralarynyň esasy ünsi milli programmalary işläp düzmek we Türkmenistanyň milli kanunlaryny halkara kadalaryna gabat getirmek ýaly işler bilen çäklenilýär. Türkmen resmileri, hususan-da Türkmenistanda 2016-2020-nji ýyllarda adam hukuklary boýunça milli planyň işlenip düzülmeginiň döwlet syýasatynda raýatlaryň bähbitleriniň goralmagynyň ileri tutulýandygynyň subutnamasy hökmünde öňe sürýärler. 

​Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara gumanitar kanunlary ugrundaky halkara borçlaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça pudakara komissiýasynyň işine iýul aýynda hem seredilipdi. Şonda gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň 2019-2021-nji ýyllarda adam söwdasyna garşy göreş boýunça iş planyna seredendigini türkmen mediasy habar beripdi.

Şol maslahat Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň 2019-njy ýylyň adam gaçakçylygy hasabatyny çap etmeginiň yzýanyna gabat gelipdi. Hasabatda Türkmenistanda 2018-nji ýylda adam gaçakçylygynyň azyndan 8 pidasynyň hasaba alnandygy aýdyldy.

Türkmenistan onlarça ýylyň dowamynda dünýäde adam hukuklaryny we raýat azatlyklaryny iň gödek bozýan ýurtlaryň hatarynda galýar. Abraýly halkara guramalarynyň we Günbatar döwletleriniň hasabatlarynda Türkmenistanda raýatlaryň syýasy, ykdysady, medeni we dini azatlyklarynyň gödek depelenýändigine üns berilýär. 

Britaniýanyň daşary işler ministrliginiň ýaňy-ýakynda çap eden hasabatynda Türkmenistan ilatyň raýat azatlyklarynyň berjaý edilişi ýaramazlaşan ýurtlaryň sanawynda agzaldy.  

Üstesine, halkara derejede ýazgarylmagyna garamazdan, Türkmenistan döwlet derejesinde mejbury zähmeti ulanmak tejribesini dowam etdirýär. Şu günler tutuş ýurt boýunça býujet işgärleri pagta meýdanlaryna ugradylýarlar ýa-da pagta ýygym üçin pul tabşyrmaga mejbur edilýärler. 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Синоптики предупредили москвичей о дожде с грозами и жаркой погоде 31 мая

Ранил пулей, добил из арбалета. Драма в семье коллекционера оружия

В Москве состоялась научно-практическая конференция «Комплексной безопасности»

В запасе есть мощнейший козырь: эксперт предрёк неожиданный шаг Путина

Музыкальные новости

В Екатеринбурге Росгвардия обеспечила правопорядок на переходном матче Чемпионата России по футболу

Эксперт сенсационно раскрыл загадку Мессинга и Жириновского.

Путин защитил от списания по долгам социальные пенсии инвалидов

Выгодно ли покупать квартиру в новостройке?

Новости России

Закон о запрете на продажу любых вейпов в РФ внесут в Госдуму

Россия по ППС с 2021 года считается четвертой экономикой мира

Адвокат Жорин заявил, что полумиллионный долг Заворотнюк перейдет к наследникам

Синоптики предупредили москвичей о дожде с грозами и жаркой погоде 31 мая

Экология в России и мире

Стоматолог Владимир Лосев: сколько времени нужно носить брекеты

Россиянам озвучили цены на отдых в Крыму, которые приятно удивили

Всеармянский союз «Гардман-Ширван-Нахиджеван» осуждает лживое заявление президента Азербайджана Алиева

В РУМЦ МГППУ действует правовой просветительский лекторий для студентов с инвалидностью и сотрудников вузов-партнеров

Спорт в России и мире

Белорусские теннисистки проведут стартовые встречи открытого чемпионата Франции

Касаткина о романе Синнера и Калинской: рада, больше ничего не хочу говорить

Надаль пропустит Уимблдон из-за желания сыграть на Олимпиаде

Повернення Калініної до топ-50 та втрачені позиції Світоліної. Оновлені тенісні рейтинги WTA та ATP

Moscow.media

Лучший HR-бренд – «Грузовичкоф»

"ДиМ" строит участок 5 трассы СБВ

Прокуратура не будет требовать уничтожить “Вредные советы” Остера

Девятый вал...







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *