NATO öz owgan missiýasynyň yzynda durjakdygyny aýdýar
NATO özüniň uzaga çeken owgan missiýasy boýunça üstüne alan borçnamalarynyň yzynda durjakdygyny gaýtadan tassyklap, bu ýurtdaky goşun ýerleşdirmelerini “durnukly” saklajakdygyny aýtdy.
Bu wada 25-nji oktýabrda, NATO ýaranlygynyň daşary işler ministrleriniň Brýusselde geçirilen iki günlük maslahatynyň dowamynda berildi.
Maslahatyň ikinji gününde esasan Owganystanda ýerleşdirilen 16 müň esger hakynda gürrüň edildi, sebäbi olar uruşdan tozan ýurtda barha ýokarlanýan “Talyban” pitneçiligi we ABŞ strategiýasy netijesinde dörän nämälimlik bilen ýüzbe-ýüz boldular.
ABŞ-nyň wekili Zalmaý Halilzad sentýabryň başynda “Talyban” bilen Owganystandaky 18 ýyllyk konflikti soňlamak barada deslapky ylalaşyga geldi, emma prezident Donald Tramp biraz soň parahatçylyk prosesiniň “ölendigini” yglan etdi.
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Owganystan babatdaky pozisiýanyň üýtgemändigini ýene bir gezek tassyk edip, “NATO ygrarly bolmagynda galýar we biz owgan güýçlerine goldawymyzy dowam etdirýäris” diýdi.