Dört aý gulluk eden rus esgeri ýoldaşlaryny oka tutdy, sekiz adam wepat boldy
Orsýetiň Goranmak ministrligi 25-nji oktýabr agşamy Zabaýkalýe ülkesindäki Gornyý şäherçesinde ýerlşeýän harby bölümiň esgeriniň öz gullukdaşlaryny oka tutandygyny habar berdi. Esgeriň tussag edilendigi aýdylýar.
Bu waka ýerli wagt bilen sagat 18:20-de, garawul çalyşýan wagtynda boldy. Deslapky maglumatlara görä, sekiz adam wepat boldy. Olaryň ýedisi hadysanyň bolan ýerinde, biri hassahanada jan berdi. Ýene iki esger harby hassahana ýerleşdirildi, olaryň janyna howp abanmaýar.
Goranmak ministrligi deslapky maglumatlara salgylanyp, esgeriň şahsy ýagdaýlary esasynda özüne erk edip bilmändigini, bu hadysanyň harby gulluk bilen baglanyşykly däldigini öňe sürýär.
“Baza” taslamasy öz gullukdaşlaryny oka tutan esgeriň harby bölümde dört aý gulluk edendigini we öz pidalarynyň ýöriteleýin kellesini nyşana alandygyny aýdýar. Ol ýaraly bolanlara soň kontrol okuny hem atypdyr.
Öldürilenleriň arasynda iki ofiseriň, iki sany şertnama esasynda gulluk edýän esgeriň bolandygy, beýleki pidalaryň şahsyýetleriniň anyklanýandygy aýdylýar.
Goranmak ministriniň orunbasary Andreý Kartapalow ministrligiň düzen komissiýasy bilen wakanyň bolan ýerine gitdi.