Eýran dört žurnalisti, iki aktiwisti agyr girew astynda azat etdi
24 ýaşyndaky Gholian golaýda bäş günlük açlygyny bes etdi we, aýdylmagyna görä, 120 müň dollara barabar girew töländen soň azat edildi.
Ýarym resmi ISNA habar gullugy ýene bir zähmet aktiwistiniň, Atefeh Rangriziň tussagdan boşadylandyghyny habar berdi, emma jikme-jiklikleri açmady.
Maý aýyndan bäri tussagda bolan Rangriz hem açlyk yglan etdi.
Girew astynda azatlyga çykan dört žurnalist - Amirhossein Mohammadifard; onuň aýaly Sanaz Allahyari, Amir Amirgholi GAM (Ädim) internet žurnaly bilen hyzmatdaşlyk etse, Marzieh Amiri reformaçy “Shargh” gazeti üçin işleýärdi.
Täanymal zähmet aktiwistleriniň ýene ikisi, geçen ýylda guralan zähmet protestlerinde tussag edilen Esmail Bahşi we Asal Mohammadi girew astynda goýberilenleriň arasynda görünmedi.