YD lideri Bagdadynyň Siridýadaky operasiýda öldürilendigi aýdylýar
Ak tamyň sözçüsi Hogan Gidli (Hogan Gidley) prezident Donald Trampyň 27-nji oktýabrda “uly beýanat” etjekdigini aýtdy, emma başga detallary aýtmady.
Prezident Tramp twitterde “Edil ýaňy nähildir bir uly waka boldy” diýip ýazdy.
Siriýanyň düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy ABŞ dikuçarlarynyň Idlibde “Yslam döwleti” bilen iteşikli toparlaryň bolýan ýerine” esgerleri düşrendigini aýtdy.
Gözegçi gurama bu operasiýada dokuz adamyň, şol sanda YD-nyň uly lideriniň öldürilendigini aýtdy, emma bagdadynyň ol ýerde bolup-bolmandygy bada-bat belli bolmady.
Bu operasiýanyň Trampyň etjek beýanytynyň obýekti boljagy barada tassyknama ýok.
CNN adminstrasiýa resmisine salgylanyp, bu beýanatyň daşary syýasat barada boljakdygyny aýtdy.
"Newsweek" ady aýdylmadyk ABŞ resmisine salgylanyp, Bagdadynyň reýd mahalynda öldürilendigini habar berdi.