Owganystan bilen Pakistanyň güýçleriniň arasynda atyşyk boldy, azyndan üç adam öldi
27-nji oktýabrda Owganystanyň gündogaryndaky Kunar welaýatynda ok atyşyk başlady we bu ertesi daňdana çenli dowam etdi diýip, resmiler aýtdylar.
Kunar welaýat geňeşiniň agzasy Şer Zamin Han Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri serhetde ýerleşýän Nari etrabynyň çäginde harby desgany gurmaga synanyşandan soňra atyşyklaryň başlandygyny mälim etdi.
Han wakada üç owgan aýalanyň ölendigini we başga-da üç adamyň ýaralanandygyny belledi.
Kunar welaýat häkiminiň metbugat wekili Abdul Gani Musamemiň sözlerine görä, Pakistanyň güýçleri serhet araçäklerine minomýotlary we raketalary atdy.
Pakistan bu waka barada häzirlikçe kommentariý bilen çykyş etmedi.