Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanyň prezidenti Aşgabadyň häkimliginiň işinden nägile boldy

Türkmenistanyň prezidenti Aşgabadyň häkimliginiň işinden nägile boldy

Türkmenistanyň prezidenti Aşgabadyň häkimliginiň işinden nägilelik bildirdi. Döwlet metbugatyna görä, 28-nji oktýabrda geçirilen iş maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji nobatda Aşgabadyň häkiminden hasabat sorapdyr. Ş.Durdylyýewiň paýtagtdaky ýagdaýlar, ony abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, gök zolaklary döretmek, dürli maksatlara gönükdirilen obýektleriň gurluşygynyň depgini barada beren hasabatyndan soň, prezident şäher we etrap häkimlikleriniň işinden özüniň nägiledigini aýdypdyr. Munuň takyk sebäpleri resmi maglumatda aýdyňlaşdyrylmady.

Habar berlişine görä, döwlet baştutany şäherde tertip-düzgüni we arassaçylygy berk saklamagyň, infrastrukturanyň täzelemeginiň we paýtagtyň bezeginiň hiliniň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyny nygtapdyr. 

Aşgabadyň häkimiýetleri arassaçylyk w abadançylyk çärelerine adatça uly üns berýärler. 

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, paýtagtyň köçelerinde gije-gündizlerine köçeleri süpürýän, ýollary, awtobus duralgalaryny we köçeleriň gyralaryny el bilen ýuwýan jemagat gulluklarynyň işgärlerini görmek mümkin.

Arassaçylyk işlerine ýurduň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri hem yzygiderli görnüşde çekilýär.

"Bizde arassaçylyk çäreleri bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Her gün daň bilen aýlanyp, hapa ýygnap başlaýarlar, baýramçylyklaryň öňýany topar bolup köçä çykýarlar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 29-njy oktýabrda aýtdy. 

Onuň sözlerine görä, soňky aýlarda jemagat gulluklarynyň işgärleriniň işi öňküsinden hem has gyzgalaňly bolupdyr.

"Olary mejbur edýärler. Soňky aýlaryň dowamynda jemagat gulluklarynyň ençemesiniň işgärleriniň güýji bilen şäheri arassalanlarynda şäheriň häkimligi munuň üçin pul geçiripdir. Emma işlän adamlara çeken zähmeti üçin tölenmedi" diýip, habarçymyz şäheriň jemagat gulluklarynyň işgärlerine salgylanyp habar berýär. 

Şeýle-de, habarçylarymyzyň we biz bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylaryň sözlerine görä, soňky wagtda paýtagtda zir-zibil taşlanýan ýerleriň daşyndaky arassaçylyga üns güýçlendirilipdir. Hapa taşlanýan gapyrjaklar yzygiderli boşadylýar, olaryň daşynda gözegçilik ýola goýulýar.

"Her bir hapa taşlanýan ýeriň daşynda köçe süpüriji oturýar. Ir sagat 8-den agşama çenli gözegçilik edýär, arassa bolar ýaly. Eger kimdir biri hapalary dörüp, çörek gözleýän bolsa gygyrýar" - diýip, adynyň efirde tutulmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosy bilen 29-njy oktýabrda söhbetdeş bolan Aşgabadyň ýaşaýjysy 29-njy oktýabrda habar berdi. Onuň sözlerine görä, zir-zibil taşlanýan gapyrjaklaryň daşyndaky gözegçilik öýsüz it-pişiklere garşy alnyp barylýan göreş bilen hem bagly. 

 

"Soňky döwürde ýygy-ýygydan arassalaýarlar, pişikler iýmitlenmez ýaly" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy aýtdy. 

Paýtagtyň köçe süpürijileri şeýle-de idegsiz it-pişikleri tutmak bilen meşgullanýarlar. Azatlygyň habarçylary we haýwanlary goraýjylar olaryň haýwanlar babatyndaky rehimsizlikleri barada yzygiderli habar berýärler. 

Azatlyk Radiosynyň Aşgabadyň häkimliklerinden kommentariý almak boýunça eden ençeme synanyşygy başa barmady. 

Türkmenistanyň prezidentiniň Aşgabadyň häkimlikleriniň işinden nägileligine näme sebäp bolandygy takyklaşdyrylmady. Şol bir wagtda-da hökümet maslahatynda şäherde gurulýan obýektleriň gurluşyk depgininiň haýallygy bellenip geçildi we täze gurulýan binalaryň wagtynda tabşyrylmagyna berk gözegçilik etmek talap edildi. 

Häzirki wagtda Aşgabatda gurulýan onlarça obýektleriň arasynda täze kongress merkeziniň, gymmatbaha myhmanhananyň, "Türkmenbaşy" we "Senagat" banklarynyň täze binalarynyň, Magtymgulynyň we welosipediň ýadygärlikleriniň gurluşygyny bellemek mümkin. 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Подмосковье назвали самые посещаемые карусели за неделю

Инспектор МЧС получил пять лет колонии после пожара в хостеле на юге Москвы

В Подмосковье нашли редкий папоротник

Тренер "Зенита" де Оливейра заявил, что команда вернется к работе в середине июня

Музыкальные новости

Более 40 тысяч семей в Москве и области получают ежемесячные выплаты из средств материнского капитала

Доктор Кутушов назвал болезни, которые поджидают отдыхающих у водоёмов

Пушинка из Космоса спасёт либо снесёт США? Научные важные данные. Проект «Святой Ленин».

Отельеры вступают в Игры дружбы // Стоимость размещения в гостиницах растет

Новости России

Время Сиять: Откройте для себя свет творчества и вдохновения

Инвестирование и эмоции: как совместить психологический аспект и рациональность, обсудили спикеры на Radio Monte Carlo Golf Cup

Семинар на тему контроля качества медицинской деятельности прошел в Лобне

Суд вынес приговор экс-инспектору МЧС по делу о пожаре в столичном хостеле

Экология в России и мире

3 детские зубные щетки "Ревилайн" по цене 2 в магазине "Ирригатор.ру" ко Дню защиты детей

Пегас сделал важное заявление по Египту: стали известны цены на туры на предстоящую зиму

В филиалах АО "Желдорреммаш" прошли мероприятия ко Дню защиты детей

Фотопрогулка по советским городам. Классная серия!

Спорт в России и мире

Ролан Гаррос. Расписание 2 июня. Потапова и Швентек сыграют первым запуском, Синнер – последним

Главный русский теннисист заставил Париж аплодировать ему стоя. Что удалось Осьминогу Медведеву?

Не ходите, дети, в теннис: как Андре Агасси и Штеффи Граф подарили детям право выбора

Организм был не в состоянии: Потапова прокомментировала поражение на «Ролан Гаррос»

Moscow.media

РОССИЮ ОЖИДАЕТ ПЛЮС 50 ГРАДУСОВ: КАКИМ ГОРОДАМ ЖДАТЬ АНОМАЛЬНУЮ ЖАРУ

Для строительства участка Приморского кольца в Калининградской области ищут подрядчика

У «Грузовичкоф» появился чудесный чудик

Белоусов и его зам продолжают зачистку. Настала очередь главного коммунальщика Минобороны. Обвинение просит 12 лет за взятку







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *