Atambaýewiň ozalky kömekçisi ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edildi
Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýewiň ozalky ýakyn kömekçisi galplyk üçin ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Bişkegiň Oktýabr etrabynyň sudy 30-njy oktýabrda Ikramjan Ilmiýanowy 2017-nji ýyldaky prezidentlik kampaniýasy mahalynda 150 müň dollary öz haýryna geçirmekde günäli tapdy.
Ol bu aýyplamany inkär etdi. Şeýle-de sud Ilmiýanowyň emlägini konfiskasiýa etmeli, oňa 2,240 dollar jerime salmaly etdi.
Ilmiýanow öz soňky sözünde özüne bildirilýän günäniň hiç wagt subut edilmändigini aýtdy we sudy “adalatly karar çykarmaga” çagyrdy.
Ilmiýanow 2018-nji ýylyň oktýabrynda Orsýetiň Tatarystan sebitinde tussag edilip, Gyrgyzystana deportasiýa edildi. Ol Atambaýeiň iň ýakyn kömekçileriniň biri hasaplanýar.