Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gazak şäherlerinde geçirilen oppozisiýa ýygnanyşyklarynda demokratik reformalar talap edildi

9-njy noýabrda Gazagystanyň iki şäherinde demonstrasiýaçylar toplanyň, minerallara baý merkezi aziýa ýurdunda demokratik reformalaryň geçirilmegini talap etdi.


“Oýan, Gazagystan” hereketiniň onlarça aktiwisti Almaty şäherinde toplanyp, beýleki şygarlar bilen bilelikde, “Men gürlemek üçin rugsat almaly däl” diýen şygary galdyrdy.


Ygtyýar berilmedik çärä polisiýa tarapyndan gözegçilik edildi, emma olar ara goşulmadylar. 


Paýtagt Nur-Soltanda, merkezi parkda “Respublika” hereketiniň onlarça aktiwisti ygtyýar berlen ýygnanyşyga gelip, demokratik özgerişlere, şol sanda parlament dolandyryşyna geçilmegine çagyryş etdi. 


Bu ýygnanyşyklar Gazagystanyň uzak wagtlyk prezidenti Nursoltan Nazarbaýew martda birden işden çekilip, öz ornuna parlamentiň ýokarky palatasynyň başlygy Kasym-Žomart Tokaýewi teklip edenden soň bolýan ýygnanyşyklaryň soňkusy bolup durýar.


Tokaýew 9-njy iýunda geçirilen saýlawlarda ýeňdi,emma halkara synçylary “parahat protestçileriň tussag edilmegi, saýlaw gününde ýol berlen düzgün bozmalar demokratik ölçeglere goýulýan hormatyň çäklidigini görkezdi” diýdi.


Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” Gazagystanyň häkimiýetleriniň hökümet syýasatlaryny tankytlaýan parahat protestçilere ýol bermeýändigini aýdýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *