Nazarbaýew Putin-Zelenskiý gepleşiklerini gurnamak ugrunda tagalla edýändigini aýdýar
Gazagystanyň ozalky prezidenti Nursoltan Nazarbaýew rus prezidenti Wladimir Putin bilen ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiýiň ýüzbe-ýüz duşuşygyny gurnamak ugrunda tagalla edýändigini mälim etdi.
Nazarbaýew 12-nji noýabrda paýtagt Nur-Soltanda eden çykyşynda Zelenskiýiň şeýle duşuşyga gatnaşmaga razy bolandygyny, Putiniň hem bu barada habarly edilendigini aýtdy.
Moskwanyň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alanyndan, şeýle-de Ukrainanyň gündogaryndaky Luhansk we Donetsk regionlaryndaky separatistleri goldap başlanyndan soňra rus-ukrain gatnaşyklary ýiti dartgynlaşdy.
“Eger-de olara [Putine we Zelenskiýe] bitarap bir ýer gerek bolsa, men Gazagystany teklip etdim” diýip, Nazarbaýew aýtdy.
Russiýa Ukrainanyň gündogaryndaky konflikte öz harby güýçleriniň gatnaşýandygy baradaky aýyplamalary ret edip gelýär. 2014-nji ýylda başlanan konfliktde 13 müňe golaý adam öldi.
Mundan öň, Nazarbaýewiň edarasy ozalky prezidentiň rus lideri bilen Putin-Zelenskiý sammiti barada telefon arkaly gürleşendigini aýdypdy.
Nazarbaýewiň Zelenskiý bilen haçan habarlaşandygy belli däl.