Türkmenistanyň futbolçy zenanlary eýranly zenanlardan 5-0 hasabaynda ýeňildi
Türkmenistanyň futbolçy zenanlary 2019-njy ýylyň CAFA U-23 Aýallar çempionatynyň oýunlarynyň çäginde, şenbe güni Eýranyň futbolçy zenanlaryndan 5-0 hasabynda ýeňildi, bu barada eýran metbugaty habar berýär.
Eýranyň aýallar komandasy bäşinji gün Täjigistanyň aýallar komandasyny hem 4-0 hasabynda ýeňmegi başardy. Eýranly futbolçylar indi birinji gün gyrgyzystanly futbolçylar bilen bäsleşmeli.
CAFA, Merkezi Aziýa Futbol AssosasiýasyMerkezi Aziýanyň futbol oýnaýan döwletleriniň bileleşigidir.
TDH häzirlikçe türkmenistanly futbolçylaryň goňşy ýurtdaky ýeňlişi barada maglumat çap etmedi.