Italýan aşpezleri Türkmenistanda sapak berýär
24-27-nji noýabr aralygynda Türkmenistanda Italiýanyň tanmal aşpezleri Karmine Morgeze we Luki Di Jowanni master-kals sapaklaryny berer diýip, “Orient” neşiri habar berýär.
Ussat aşpezler türkmenistanlylary italýan naharlarynyň taýýarlanyşy bilen tanyşdyrarlar we bu çärä gatnaşyjylar olardan özlerini gyzyklandyrýan soraglara kesgitli jogaplary hem alyp bilerler diýip, habarda aýdylýar.
Italýan aşhanasynyň IV hepdesiniň çägindäki çäreleriň 24-25-nj noýabrda Maryda, 26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljegi aýdyldy.