Tanymal özbek aktiwisti bosgundan dolanyp gelenden bir ýyl soň aradan çykdy
Tanymal hukuk aktiwisti, merhum prezident Yslam Kerimowyň tankytçysy on ýyldan gowrak Fransiýada bosgunlykda bolup, Özbegistana dolanyp gelenden bir ýyl soň öz dogduk mekanynda, Jizakda aradan çykdy.
Tolib Ýokubowyň garyndaşlary Azatlyk radiosynyň Özbek gullugyna aktiwistiň 27-nji noýabrda, 79 ýaşynda aradan çykandygyny aýtdylar.
Özbek adam hukuklary jemgyýetini esaslandyryjy, öz howpsuzlygyny alada edip, ýurtdan 2007-nji ýylda gaçdy we häkimiýetler ony 2014-nji ýylda raýatlykdan mahrum etdiler.
Fransuz raýatlygyny alan Ýokubowyň yzyna, Özbegistana dolanmagyna prezident Şawkat Mirziýoýwiň 2018-nji ýylyň oktýabrynda Fransiýa eden saparynyň öňüsyrasynda rugsat berildi.