Madridde klimat boýunça sammit geçýär
Ispaniýanyň Madrid şäherinde BMG-niň klimat boýunça iki hepdelik sammiti başlanýar. Sammite gatnaşýan 200 töweregi döwlet howanyň global derejede gyzmagynyň öňüni almak boýunça çäreleri maslahat eder.
Sammitiň öňüsyrasy BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterres çykyş edip, “adamzadyň onýyllyklaryň dowamynda planeta bilen uruş alyp barýandygyny” aýtdy. Ol indi Ýeriň dürli tebigy betbagtçylyklar bilen “gaýtargy berýändigini” belledi.
2015-nji ýylda baglaşylýan Pariž klimat ylalaşynyň ýerine ýetirilişini maslahat etmek üçin, sammite 50 töweregi döwletiň liderleri gatnaşaýar.
ABŞ sammite özüniň diplomatiki missiýasyny ýollar.