Özbegistanyň prezidenti 92 raýatyň günäsini geçdi
Ýurduň Baş kanunynyň kabul edilmeginiň 27 ýyllygyna gabatlanyp yglan edilen günä geçiş92 raýaty öz içine alýar, olardan79 adam gadagan edilen guramalara gatnaşandygy üçin sud edilen bolup durýar.
20 tussag jezalaryny çekmekden doly boşadylýar, 37 adam şertli-wagtyndan öň azat edilýär. 16 tussaga bellenen jezalar has ýeňil jezalar bilen çalşyrylýar.
Şeýlelikde, jeza öýlerinden we 73 adam boşadylýar, 19 tussagyň türme möhleti azaldylýar.
Günäsi geçilýänleriň arasynda ýaşy 60-dan geçen üç erkek we üç aýal bar.