Maryda geçirilen Taekwondo ýaryşynda owgan studenti ýeňiş gazandy
Maryda Taekwondo boýunça geçirilen ýerli ýaryşda Türkmenistanda bilim alýan owganystanly Murtazo Selim ýeňiş gazandy.
Marydaky Döwlet energetika institutynyň birinji ýyl talyby, 19 ýaşyndaky Murtazo Selim 57-62 kilogram agram derejesinde çykyş etdi. Ol Mary welaýatyna wekilçilik etdi.
Marynyň 1-nji sport mekdebinde geçirilen ýaryşa Türkmenistanyň beýleki künjeklerinden hem türgenler gatnaşdylar.