Berdimuhamedow ata mündi, maşklary ýerine ýetirdi we agtygynyň döredýän sungaty bilen tanyşdy
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji dekabrda atçylyk toplumynda bolup, Şapolat atly bedewi bilen didarlaşdy hem-de Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumynda maşklary ýerine ýetirdi diýip, TDH habar berýär.
“Berdimuhamedow ajaýyp bedewi bilen birsellem gezim etdi we bedewi eýerläp, çapuw ýodasyna çykdy. Milli liderimiz bu ýerde bedewi öz erkine goýberdi we ony gorgunyna çapdy” diýlip, Türkmen döwlet habarlar agentliginiň maglumatynda aýdylýar.
Soňra döwlet baştutany Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumyna baryp, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen maşklary ýerine ýetirdi.
TDH-nyň habaryna görä, häzirki wagtda Türkmenistanda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamalary kabul edildi. Ähli sebitlerde halkara ölçeglere gabat gelýän sport desgalary, stadionlar, atçylyk sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, sagaldyş-dynç alyş merkezleri we şypahanalar guruldy.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary we türkmenistanlylaryň ençemesi gurluşygyna millionlarça amerikan dollary möçberde maliýe serişdesi harçlanýan desgalaryň ençemesiniň doly güýjünde ulanylmaýandygyny aýdýarlar. Olar “boş ýatan myhmanhanalaryň, sport mekdepleriniň, Medeniýet öýleriniň we beýlekileriň sanynyň sanardan köpdügini” belleýärler.
15-nji dekabrda türkmen lideri ses ýazgylar studiýasynda agtygy Kerimiň döredýän sungaty bilen hem tanyşdy. Şeýle-de Berdimuhamedow dürli görnüşli saz gurallaryny çalyp gördi.