Rohani musulman döwletlerini ABŞ ‘gegemoniýasyna’ garşy göreşmäge çagyrdy
Rohani 19-njy dekabrda Kuala Lumpurda geçirilýän çäräniň açylyş dabarasynda çykyş edip, Eýranyň garaýşyny nygtady we Birleşen Ştatlaryň ykdysady sanksiýalary “agalyk gegemoniýasynyň we beýleki ýurtlary gorkuzmagyň esasy gurallary” hökmünde ulanýandygyny aýtdy.
Üç gün dowam etjek konferensiýa ýüzlerçe delegasiýa, şol sanda Türkiýäniň we Malaýziýanyň liderleri gatnaşýar. Ýöne çärä Eýranyň regional bäsdeşleri – Saud Arabystany we Yslam konferensiýasy guramasynyň (OIC) beýleki agzalary – gatnaşmaýar.
Bu konferensiýa, ABŞ 2015-nji ýylda Tähran bilen dünýäniň iň kuwwatly ýurtlarynyň arasynda baglaşylan ylalaşykdan geçen ýyl yza çekilip, Eýrana garşy ýiti sanksiýalary gaýtadan güýje girizenden soň geçirilýär.
Musulman dünýäsi “Birleşen Ştatlaryň dollarynyň agalygyndan we amerikan maliýe režiminden” halas edilmelidir diýip, Rohani musulman döwletleriniň arasynda has çuň maliýe we söwda hyzmatdaşlygyna çagyrdy.