Pompeo: Russiýa we Hytaý siriýa hemaýatyna weto goýup, “ellerini gana boýadylar”
ABŞ-nyň döwlet sekretary Mike Pompeo BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Russiýanyň we Hytaýyň Siriýa berilýän gumanitar hemaýaty ýene bir ýyl möhlete uzaltmak baradaky rezolýusiýa weto goýmak bilen, “ellerini gana boýandyklaryny” aýtdy.
Pompeo 21-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda millionlarça siriýalyny azyk bilen üpjün eden tagallalaryň ornuny tutjak “başga mümkinçiligiň ýokdugyny” belledi.
20-nji dekabrda hem Russiýa, hem-de Hytaý rezolýusiýanyň öňüni almak üçin özleriniň weto hukugyny ulandylar. Rezolýusiýany Geňeşiň galan 13 agzasy goldady.
Russiýanyň Siriýa berilýän hemaýaty alty aýa uzaltmak baradaky garşylyklaýyn teklibi gerekli dokuz sesi alyp bilmedi.
Russiýa Siriýada 2011-nji ýyldan bäri graždançylyk urşuny alyp barýan prezident Başar al-Assadyň golaý ýaranydyr.
Hemaýatyň aglabasy Assadyň güýçleriniň gözegçilik edýän sebitlerine ýollanmalydy.
BMG 2014-nji ýyldan bäri millionlarça siriýala hemaýat berip gelýärdi. Hemaýatyň häzirki mandaty 10-njy ýanwarda tamamlanýar.