Rumyniýa çaga gaçakçylygynda aýyplanýan topary gutarnykly derejede aklaýan karary çykardy
Şu hepde Rumyniýanyň şikaýat sudy maşgalalary karz gulçulygy arkaly kontrollykda saklap, tutuş Ýewropanyň çäginde onlarça çaganyň gaçakçylygyny etmekde aýyplanýan 25 adam barada aklaýjy hökümi öz güýjünde saklaýan karary çykardy.
On ýyla golaý wagt dowam eden sud derňewinden soňra 23-nji dekabrda çykarylan bu karar, köp adamlar tarapyndan Rumyniýanyň häzirki zaman gulçulyga garşy göreşine synag hökmünde garalýardy.
Rumyniýanyň şu hepde çykaran hökümi gutarnykly soňky karar bolup, ony şikaýat edip bolmaýar.
Gürrüňi edilýän adamlar 2010-njy ýylda tussag edilip, olar giň gerimli çaga gaçaklygy operasiýasyny amala aşyrmakda, pul ýuwmakda we ot açýan ýaraglar baradaky düzgünleri bozmakda aýyplanypdylar.
Olaryň ählisi özleriniň günäsizdigini aýdýarlar.
Bu sud işi Rumyniýanyň günortasyndaky Tandareý şäherçesine gönükdirilip, bu ýerde öňe sürülýän birleşigiň liderleriniň ýerleşýändigi aýdyldy.
Aýyplanýan adamlaryň karz gulçulygy arkaly kämillik ýaşyna ýetmedik 160-dan gowrak çagany Tandareý şäherçesinden alyp, Ýewropanyň, şol sanda Britaniýanyň çäginde dilegçilik we ogurlyk etmäge mejbur edendigi öňe sürüldi.