Resmiler: 27 owgan aktiwisti ‘Talyban’ tarapyndan alnyp gaçyldy
Owganystanda Halkyň parahatçylyk hereketiniň 27 aktiwisti ýurduň günbatarynda parahatçylykly ýörişi geçirýän mahaly, “Talyban” tarapyndan alnyp gaçyldy diýip, 25-nji dekabrda ýerli resmiler we toparyň liderleri aýtdylar.
Halkyň parahatçylyk hereketiniň lideri Ikbal Haýbaryň aýtmagyna görä, aktiwistler Hyratdan Farah welaýatyna sapar edýän mahaly, Bala Buluk etrabynda alnyp gaçyldy.
Farah welaýat geňeşiniň agzasy Dadullah Kani hem wakany tassyklady.
Farahyň polisiýasy aktiwistleri alyp gaçanlary yzarlamak boýunça tagallalaryň başladylandygyny mälim etdi.
“Talyban” topary bu waka barada häzirlikçe kommentariý bilen çykyş etmedi.
Halkyň parahatçylyk hereketiniň ýaýradan beýanatyna görä, wakanyň bolan wagty aktiwistler ýurduň dürli künjegine sapar edip, konfliktdäki ähli taraplary ok atyşygy bes etmäge çagyrmak üçin ýörişleriň täze tapgyryny geçirýärdi.