Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ahwazda Eýranyň “Kuds” güýçleriniň öldürilen komandiriniň ýas çäreleri başlandy

Müňlerçe eýranly Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň “Kuds” güýçlerine ýolbaşçylyk eden kasem Suleýmaniniň hökümet tarapyndan gurnalan ýas üýşmeleňlerine gatnaşdy.


Ýas üýşmeleňleri 5-nji ýanwarda Eýranyň Yrak bilen serhedine golaý Ahwaz şäherinde we mukaddes Maşat şäherinde geçirldi.


Döwlet telewideniýesi 5-nji ýanwardaky dabaralary, daň atmazynyň öňüsyrasynda jesedi getirilen Suleýmaniniň hatyrasyna ýöriş edip, döşlerine urup, şygar aýdan gara geýimli erkekleriň ýörişini göni efirde alyp görkezdi.


Eýran TW-si harby orkestriň saz çalýan wagtynda eýran baýdagyna dolanan tabydyň uçardan düşürilişini görkezýän wideony çap etdi.


Eýran üç günlük ýas yglan etdi we 7-nji ýanwarda dogduk mekany Kermanda jaýlanmazyndan öň, Suleýmaniniň jesedi mukaddes Maşat şäherine we Tährana eltilýär.


“Kuds” güýçleriniň komandiri hökmünde, 62 ýaşyndaky Suleýmani Tähranyň daşary ýurtlardaky gizlin we harby operasiýalaryny gurnamaga kömek etdi. Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň daşary ýurt bölümi bolan “Kuds” güýçleri Birleşen Ştatlar tarapyndan daşary ýurt terrorçy guramasy diýip kesgitlendi. 


Ol Eýran tarapyndan goldanylýan milisiýa agzalary bilen awtoulagly Bagdat aeroportundan çykyp barýarka, 3-nji ýanwar güni ir sagatlarda ABŞ-nyň zarbasy netijesinde öldürildi.


Bu zarba Waşington bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlyklary düýpli ýokarlandyrdy. 


 


 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *