Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Putin “TürkAkymy” geçirijisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkiýä geldi

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, “TürkAkymy” tebigy gaz geçirijisiniň işe giriziljek gününiň öňüsyrasynda, 7-nji ýanwarda Stambula geldi. Bu barada Kremliň habar gullugy habar berýär. Öz ýurduny energiýa merkezine öwürmäge çalyşýan türk prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň 8-nji ýanwarda Putin bilen açylyş dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýar.


Umumy bahasy 8 mlrd dollara golaý bolan “TürkAkymy” geçirijisiniň gurluşygy bäş ýyl wagt aldy.


Bu geçiriji ýylda 31.5 mlrd kub metr rus gazyny Türkiýäniň günbatar welaýatlaryna getirer, ol gazyň ýarysy Balkanlara we Merkezi Ýewropa, şol sanda Bolgariýa, Serbiýa we Wengriýa iberiler.


Bu Orsýetiň Ukrainanyň üstünden gaz geçirmegi bes etmek ýa azaltmak baradaky uzak wagtlyk maksadynyň,“Demirgazyk akym 1” we “Demirgazyk akym 2” ýaly alternatiw taslamalaryň bir bölegi bolup durýar.


Bu iki geçiriji suw astyndan Germaniýa barmaly, emma ABŞ sanksiýalary zerarly “Demirgazyk akym 2” gurlup gutarylmagynyň öň ýanynda gijikdirildi.


Geçen ýyl Ýewropa 200 mlrd kub metre golaý gaz iberen Orsýet Balkanlary we Türkiýäni gury ýer, Ukraina, Moldowa, Rumyniýa topraklary arkaly üpjün edýärdi.Geljekde bu gaz “TürkAkymy” arkaly, Gara deňiz astyndan, 930 km ýol geçip, alyjylaryna gowşar. 

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *