Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Wise-premýer R.Meredow owgan prezidenti bilen TOPH, howpsuzlyk hakynda maslahatlaşýar, türkmen mediasy dymýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri, wise-premýer Reşit Meredow  sebitdäki howpsuzlyk, hyzmatdaşly mesleslerini maslahatlaşmak üçin 1-nji fewralda Kabula baryp, Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani bilen duşuşdy. 


Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk, gaz we elektrik geçiriji taslamalaryny amala aşyrmak meseleleri hakynda gürrüň edildi. 


Türkmen ministriniň owgan prezidenti bilen duşuşygy owgan resmisiniň geçen aýyň aýagynda TOPH geçirijisiniň gurluşygyna ýakyn geljekde başlap bolmajakdygy barada aýdan sözleriniň yz ýanyna gabat geldi.


“Biziň geçiren derňewimizden belli bolşuna görä, TOPH taslamasynyň işi boýunça dürli kynçylyklar bar. ...gaz geçirijiniň geçmeli ýerlerini kanunlaşdyrmak meselesi düýbünden çözülmändir, onuň üçin ýeterlik wagt gerek bolar. Şol esasda owgan topragynda TOPH proýektiniň gurluşygyna ýakyn geljekde başlamak mümkin bolmaz” diýip, ýurduň tebigy resurslara gözegçilik edýän edarasynyň jogapkär wekili Ynrahym Japary Azatlyk Radiosyna aýtdy


Mundan başga, soňky aýlarda Owganystanda, şol sanda demirgazyk Owganystanda howpsuzlyk ýagdaýlary hem çylşyrymlaşýar. Azatlygyň Kabuldaky habaçysy Şaýmerdanguly Myrady türkmen ministriniň owgan prezidenti bilen serhet boýundaky ýagdaýlar hakynda gürrüň edendigini habar berýär.


R.Meredowyň owgan prezidenti bilen geçiren duşuşygy hakynda türkmen mediasynda, DIM-niň saýtynda hem habar berilmedi.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *