Maryda kartlaryndaky puly nagtlaşdyryp bilmeýän ilat gymmatdan söwda etmäge mejbur bolýar
Mary welaýatynyň pensionerleri we döwlet kömek puluny alýan ýaşaýjylary özleriniň azyk we senagat harytlaryny gymmat bahadan satyn almaga mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar. Bu barada maryly ýaşaýjylaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş boldy.