Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Owgan kanun çykaryjysynyň ogly öýlerinde bolan atyşykda öldürildi

Owgan paýtagtyndaky polisiýa etniki hazara lideriniň, Owganystanyň baş ýerine ýetirijisi Abdulla Abdullanyň ikinji orunbasary bolan Mohammad Mohakekiň oglunyň 9-njy fewralda, maşgalanyň ýaşaýan jaýyndaky atyşyk mahalynda öldürilendigini aýdýar.


Mohakek ozalky anti-talyban mujaheddin komandiri bolup, häzir owgan parlamentinde kanun çykaryjy bolup işleýär. 


Ol 2014-nji ýyldaky dawaly prezident saýlawlaryndan soň, ABŞ-nyň araçylyk etmeghinde gurlan “agzybirlik hökümetinde” baş ýerine ýetiriji Abdulla Abdullanyň golastyndaky esasy resmi boldy.


“Gynansak-da, olaryň öýünde, Mohammad Mohakekiň ogullarynyň arasynda çaknyşyk boldy” diýip, Kabul polisiýanyň başlygy Saýed Mohammad Roşandil RÝ/AR-nyň Azat Owganystan radiosyna aýtdy.


"Onuň ogly Hussaýn öz dogany Bakir Mohakeki oka tutdy, ol öldi we maşgalanyň beýleki sekiz agzasy, şol sanda Hussaýn Mohakeki ýaralandy.”


Ýaralanan sekiz adamyň ýerli hassahana ýerleşdirilendigi habar berilýär. Polisiýa derňewe başlady diýip, resmiler aýtdylar. 


Mohakek 2004-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda şowsuz dalaşgärlik etdi, ýaraşyk tagallalaryny edýän Owgan parahatçylyk geňeşinde işledi.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *