Kiýewde 60 ýyllyk leýlisaça rok legendasy Wiktor Tsoýuň ady dakyldy
Kiýewiň Şäher Geňeşi onlarça ýyllyk leýlisaç bagyna, sowet rok legendasy Wiktor Tsoýuň hormatyna, “botaniki monument” diýen ady berdi. Tsoý Kiýewiň bu sebitinde filme hem düşürilipdi.
Boýy 18 metr bolan 60 ýyllyk leýlisaça degişli adyň berlendigi barada şäheriň Ekologiýa we tebigy resurslar boýunça dapartamenti geçen dynç günleri mälim etdi.
Munuň netijesinde, bagyň çapylmagyna hat-da şahalarynyň hem kerçelenmegine gadagançylyk girizilýär.
1986-njy ýylyň iýulynda sazanda, aktýor we “Kino” rok toparynyň lideri Tsoý ukrain režisýory Serhiý Lysenko tarapyndan surata düşürilen “Kanikullaryň soňy” atly filminde peýda bolupdy. Bu film “Kino” toparynyň aýdymlary esasynda döredildi.
“Tsoýuň Bagy diňe bir ýaşyl zolak bolman, ol taryhy ähmiýetli taýy bolmadyk monumentdir” diýip, proýektiň şäher geňeşindäki sponsorlarynyň biri Andriý Strannikow aýtdy.
1980-nji ýyllaryň aýagynda Tsoý we onuň topary Sowet Soýuzynda uly meşhurlyga eýedi. Onuň aýdymlary azatlyk we syýasy üýtgeşmeler baradaky umytlaryň simwollaryna öwrüldi.