Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Çeşme: karantinde saklanýanlar medisina gözegçiliginde, olara mobil telefonlaryny ulanmak gadagan

Çeşme: karantinde saklanýanlar medisina gözegçiliginde, olara mobil telefonlaryny ulanmak gadagan

12-nji fewralda berlen resmi sanlara görä, Hytaýda koronawirusdan ýogalanlaryň sany 1100 adamdan aşyp, 44 müň adamyň kesellänligi tassyklanypdyr, wirusyň daşary ýurtlara ýaýramagy bilen bagly aladalanmalar artýar. Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirusy resmi derejede agzamakdan we hut özleriniň amala aşyrýan çäreleri barada ilaty habarly etmekden saklanmagyny dowam etdirýärler. Şol bir wagtda-da, Türkmenistan Hytaý bilen howa gatnawyny ýatyrdy, ýurtda koronawirus howpy barada çap edilen maglumatlar ilata paýlanýar, Hytaýdan baranlar karantinde saklanýar.

Azatlyk Radiosyna şeýle karantin zolaklarynyň birindäki ýagdaýy anyklamak başartdy. Habarçymyzyň 12-nji fewralda habar bermegine görä, karantin zolagynda saklanýanlara lukmanlar gözegçilik edýärler, olara mobil telefonlaryndan peýdalanmaga rugsat berilmeýär. 

"Olary gününe üç gezek naharlaýarlar, yzygiderli gyzgynyny barlaýarlar we wiruslara garşy derman berýärler. Telefonlary ellerinden alnypdyr, olar internete girmez ýaly. Diňe şäher telefonyndan jaň etmek mümkin. Studentler öz ýakynlaryna jaň etmek üçin nobata ýazylýarlar. 1-nji fewralda Hytaýdan gelenleri 17-nji fewralda öýlerine goýbermekleri mümkin" diýip, habarçymyz, ýagdaýdan ygtybarly çeşmelerine salgylanyp habar berdi. 

 

 

Türkmenistanyň häkimiýetleri karantiniň bardygyny, onuň ýerleşýän ýerlerini, şol ýerde saklanýan adamlaryň sany we olaryň ykbaly barada habar bermeýärler.

Soňky hepdelerde Hytaýdan Türkmenistana baranlaryň, şol sanda studentleriň we söwdagärleriň karantin zolaklarynda saklanýandygy barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we garaşsyz media serişdeleri habar beripdi. 

Habarçylarymyz Hytaýdan fewral aýynyň başynda baranlaryň Lebap welaýatynda Türkmenabat şäheriniň golaýynda döredilen karantin lagerinde saklanýandygyny, ýene bir zonanyň Ahal welaýatynyň Duşak obasynda döredilip, bu ýerde  ýanwaryň aýagynda baranlaryň saklanandygyny habar berdiler. 

12-nji fewralda Marydaky habarçymyz bu welaýatda Hytaýdan baran adamlara öz öýlerinde bolmaga rugsat berlendigini, emma olaryň öýlerinden çykmaýandygyny habar berdi. 

"Hytaýdan Mara gelenlere gözegçilik edýärler. Olaryň ýagdaýy gowy, olar öýlerinde, emma hiç ýere çykmaly däl edildi" diýip, Marydaky habarçymyz aýdýar. 

Azatlyk Radiosy karantin zolaklarynyň ýerleşýän ýerlerini we saklanýan adamlaryň sanyny häkimiýet resmilerinden we Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginden anyklap bilmedi.

Azatlygyň habarçylary ýurtda koronawirus babatynda alnyp barylýan çäreler bilen bir wagtda häkimiýetleriň dymmagynyň ilatda aladalanmalary döredýändigini belleýärler. 

7-nji fewralda garaşsyz ​Turkmen.news neşri Türkmenistanda koronawirusdan bir adamyň ýogalandygyny Saglygy saklaýyş ministrligindäki öz çeşmesine salgylanyp habar berdi.

Azatlygyň habarçylaryna Türkmenistanda koronawirus bilen bagly heläkçilikli wakany tassyklatmak başartmady. Lebapdaky habarçymyz bu regionda koronawirusdan bir zenanyň ýogalandygy barada tassyklanmadyk gürrüňleriň ýaýrandygyny aýtdy. 

Türkmenistanyň häkimiýetleri dünýä ýaýraýan şu çaka çenli näbelli koronawirusy diňe bir gezek resmi taýdan agzadylar. Daşary işler ministrliginiň websaýtynda bu barada çap bolan maglumatda ýurtda ilaty zerur dermanlar we medisina serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça ähli çäreleriň görlendigi habar berildi.

 

Hytaýda dowam edýän koronawirus epidemiýasy dünýäniň poçta aragatnaşygyna täsir ýetirdi. 

11-nji fewralda "New York Post" neşriniň habar bermegine görä, ABŞ-nyň we Hytaýyň operatorlar howpy keseliň ýaýramazlygy üçin uçar gatnawynyň ýatyrylmagynyň global derejede poçta gatnawyna uly täsir ýetirýändigini mälim edipdir.

Maglumatda ABŞ-nyň poçta gullugynyň dünýäniň 192 ýurduna ýollan bildirişinde krizisiň Hytaýa, Gonkonga we Makao, şeýle-de Hytaýyň üstünden beýleki ýurtlara poçtanyň ugradylmagyny kynlaşdyrandygy mälim edilýär. Bu ýagdaýyň täsirinden ejir çekýän ýurtlaryň arasynda Türkmenistan hem agzalýar. Bildirişde aýdylyşyna görä, "China Post" ýetirilmeli ýere ugradylmadyk poçtany wagtlaýyn saklar we transport mümkinçilikleriniň gaýtadan dörän wagtynda ony ýerine ýetirer.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В НАТО возмущены: комплексы РЭБ России в Сербии блокируют работу военных систем альянса в Европе

СМИ: Число жертв серийного убийцы по прозвищу Душитель выросло до 17 человек

Правительство внесло в ГД законопроект о налоговой выплате для некоторых семей

"МК в Питере": легкомоторный самолет упал в районе Шепелевского маяка

Музыкальные новости

Ctrl2GO Solutions и РусГидро подписали соглашение о сотрудничестве

Концерты оркестра Бутмана посмотрели более 50 миллионов китайцев

Дизайнер Наталья Душегрея выпустила капсульные коллекции Весна-Лето 2024

«Россети Новосибирск» продолжает конструктивный диалог с бизнесом по вопросам подключения к электрическим сетям

Новости России

Аномальная жара в Москве

Дептранс Москвы: всех пассажиров пострадавшего поезда вывели из метро

Причиной ЧП на Сокольнической линии метро Москвы стала технеисправность

Московский зоопарк переходит на летний режим работы с 1 июня

Экология в России и мире

Конференция «Общество и психическое здоровье» прошла в Ставрополе

Представители KAMA TYRES приняли участие в 57-й легкоатлетической эстафете

«585*ЗОЛОТОЙ» выступила партнером медиафестиваля творческой молодежи YOUPITER

Дары природы в Hilton Seychelles Labriz Resort & Spa

Спорт в России и мире

Вице-президент ФТР Селиваненко: у Рублева не пошла игра с Арнальди

Теннисистка Петрова: Хачанов совершил недопустимую ошибку на "Ролан Гаррос"

Кецманович отказался от борьбы в игре с Медведевым на "Ролан Гаррос"

Соболенко победила на старте открытого чемпионата Франции по теннису

Moscow.media

Муруджинские озера

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70

Выгодно ли покупать квартиру в новостройке?

Удаленная настройка охранных комплексов StarLine







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *