Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Daşkendiň Ylham teatry özüniň taryhy binasyny saklap galdy

Ozalky Sowet Soýuzynda esaslandyrylan ilkinji garaşsyz teatrlaryň biri bolan Daşkendiň Ylham Teatry, özbek prezidentiniň uly gyzy Saida Mirziýoýewanyň bu baradaky dawa gatyşmagyndan soň, özüniň ýerleşýän taryhy jaýyny saklap galdy.


“Meniň özüm bu teatryň muşdagy we men munuň gözden düşürilmejekdigine her kimi ynandyrasym gelýär! [Ylham] biziň medeni durmuşymyzyň buýsanjydyr!” diýip, Mirziýoýewa 11-nji fewralda özüniň Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.


Teatryň ýerleşýän jaýynyň eýesi Ofelos Plaza, göz öňünde tutulýan gurluşyk  işleri üçin, onuň aprele çenli binany boşatmalydygy barada duýduryş berdi. Teatr Daşkendiň etegindäki bu binada 40 ýyl çemesi wagt oýun goýýardy.


“1976-njy ýylda hökümetiň teatryň esaslandyryjysy Mark Weile beren bu jaýyny ýitirmek – Ylham üçin ölüm hökümi diýmekdir” diýip, teatr özüniň websaýtynda ýazgy galdyrdy.


Munuň yzýany Özbegistandaky, Russiýadaky we beýleki döwletlerdäki görnükli wekiller, şol sanda Britaniýanyň Özbegistandaky ilçisi Tim Torlot özbek resmilerine ýüzlenip, teatry saklap galmak barada çagyryş etdiler.


Emma, prezidentiň gyzynyň bu baradaky dawa girmeginden birnäçe sagat soň teatryň ykbaly çözüldi. Özbegistanyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekow teatryň art-direktory Boris Gafurow we Ofelos Plazanyň esaslandyryjysy Olga Şawrina bilen duşuşdy we teatryň taryhy ýeriniň saklanyp galjakdygyny yglan etdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *