Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

'Şeýle açyk parahorluk hiç ýerde ýok'. Ulag sürüjiler türkmen gümrükçilerinden şikaýat edýäler

'Şeýle açyk parahorluk hiç ýerde ýok'. Ulag sürüjiler türkmen gümrükçilerinden şikaýat edýäler

Türkmenistanyň territoriýasynyň üstünden beýleki ýurtlara ýük daşaýan ulag sürüjileriň aýtmagyna görä, türkmen seredindäki ýaly açyk para soralmagy we sürüjileriň muny tölemäge mejbur edilmegi tutuş region boýunça başga hiç ýerde ýok.

Azatlygyň gürrüňdeşi Albert geçen ýylyň tomsundan bäri Gazagystandan Eýrana we Türkiýä ýük daşaýar hem munuň üçin Türkmenistanyň serhet geçelgesinden iki gezek geçmeli bolýar. Onuň ýoly Türkmenistana Özbegistan bilen serhedindäki Farap geçelgesinden girip, ýurduň Eýran bilen serhedindäki Sarahs we Artyk-Lýuftabat serhedinden geçýär. 

​Albert: Türkmenistanyň territoriýasyndan tranzit geçmeli bolýar. Doly eden-etdilik. 450 dollar gümrük salgydy. Mundan başga-da, göz öňüne bir getiriň, ýene 150-180 dollar salgytdan daşary gümrükçileriň ellerine bermeli. Bu diňe bir tarapa, ýurda gireňde berilýäni. Soňra, ýurtdan çykmak üçin hem para bermeli. Eger her bir gümrükçiniň eline 10-40 dollar aralygynda bermeseň olar şol ýerde saklaýarlar, dokumentlere gol çekmeýärler, möhür basmaýarlar. Bu sanitar gözegçiliginden başlap gümrük başlygynyň gol goýmagyna çenli.

Albertiň sözlerine görä, gümrük düzgünlerine laýyklykda her bir ýük ulagyndan alynýan gümrük salgydy 450 amerikan dollaryna barabar. Üstesine, her bir gümrükçi, sürüjileriň ellerindäki dokumentleriň ählisiniň doly düzüw bolmagyna garamazdan, özleriniň talap edýän möçberinde puluň berilmegini soraýar. Bu çykdajylaryň bir bölegi transport kompaniýasynyň sürüjilerine ýol çykdajylary üçin berýän 100 dollar möçberindäki puluň hasabyna, galanlary sürüjileriň öz hasabyna bolýar.     ​

Albert: Dokumentleriňi berýärsiň, olar bolsa "pul ber" diýýärler. Olaryň öz nyrhlary bar, kimsi 10 dollar, kimsi 30 dollar soraýar. Men, bu näme üçin, diýip soranymda, dokumentler üçin diýýärler. Emma dokument üçin bolsa, kwitansiýa berilmeli. Men kärhanada işleýärin, döwlet ulagyny sürýärin, men soň hasabat bermeli. Olar bolsa "ýok" diýýärler. Men, "bu näme, paramy" diýip sorasam, olar göz-görtele, hiç zatdan gorkman, "hawa" diýýärler.     

Gümrükden geçmek düzgüni birnäçe tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Albertiň sözlerine görä, şolaryň her birinden pul berip geçmeli.

Albert: Başda ulagly rentgene girip, şol ýerde 10 dollar galdyrýarsyňyz. 100 dollar berseňiz olar size 90 dollar gaýdyp berýärler, edil dükanda bolşy ýaly. Rentgenden çykyp, deklarasiýa ýazdyrmaly, munuň üçin ýene 40 ýa-da 50 manat soraýarlar. Sizem berýärsiňiz. Soň transportçylaryň ýanyna barmaly, möhür basdyrmak üçin, olar 10 we 30 dollar aralygynda pul soraýarlar, bu alyp barýan ýüküňize bagly. Eger boş barýan bolsaňyz 10 dollar, ýükli bolsaňyz 30 dollar bermeli. Mundan soň sanitar gözegçiliginde 10 dollar alýarlar. Käte haýsy-da bolsa bir kemçiligi bahanalap 50 dollara çenli sorap bilýärler. Soňra ýene-de deklarasiýa üçin barmaly, olar ýene 30 dollar alýarlar. Iň soňunda gümrükçi başlyk dokumentleriňize möhür basandygy üçin ýene 30 dollar alýar. 

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan kommentariý alyp bilmedi.             

Mundan öň regional transport kompaniýalary we ýük daşaýjylary Türkmenistanyň serhedini kesip geçmekde dürli kynçylyklara duçar bolupdy.

2019-njy ýylyň tomsunda ýüzlerçe türkiýeli we täjigistanly ýük ulaglarynyň Türkmenistanyň Özbegistan we Eýran bilen serhetlerinde uzak wagtlap geçip bilmän galýandygy habar berlipdi. Üstesine, Türkmenistan Özbegistan we Gazagystan bilen serhetlerini yzygiderli ýapýar, käbir gümrük çäklendirmelerini girizýär. 

Soňky 1,5 ýylyň dowamynda Türkmenistan sebäbini düşündirmezden Täjigistanyň döwlet we hususy kärhanalaryna degişli ýük ulaglaryny öz territoriýasyndan geçirmeýär. Täjigistanyň transport ministrliginiň rekomendasiýasy boýunça Täjigistan üçin ýük daşary halkara kompaniýalarynyň ulaglary has uzak bolsa-da, Türkmenistanyň üstünden geçmeýän alternatiw ýollary ulanmaly bolýarlar. 

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Türkmenistan Täjigistandan ýük çekýän ulaglaryň 100-e golaýyny tranzit geçirmeýär

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Ксюша Медецкая, 3 года, полная блокада сердца, спасет имплантация электрокардиостимулятора, 963 050 ₽

Профессор Палеев: участники форума в МОНИКИ совершают великие открытия

Более 50 врачей пришли работать в больницу Мытищ в 2024 году

В Хакасии женщина катала подругу на крыше машины, а потом случайно ее переехала

Музыкальные новости

5-летняя дочь Анастасии Заворотнюк пришла на могилу матери

Стали известны все участники РПЛ сезона-2024/2025

Пушинка из Космоса спасёт либо снесёт США? Научные важные данные. Проект «Святой Ленин».

Аккумулятор неанонсированного Samsung Galaxy Z Fold6 Ultra сертифицировали

Новости России

«Деревенский вайб»: Бородина показала, как доит корову

Соратница Пригожина Кацман рассказала о работе его пула накануне мятежа

Младшая дочь Заворотнюк пришла на ее могилу с отцом Чернышевым

Театральный фестиваль «Мелиховская весна» прошел в Подмосковье

Экология в России и мире

Добрые рисунки: «585*ЗОЛОТОЙ» запустила конкурс ко Дню защиты детей

В Москве в ТРЦ Columbus открылся магазин O`Stin в формате 4.0

Преступления мигрантов с рынков азербайджанского олигарха Года Нисанова продолжают шокировать Москву

Доктор Кутушов назвал болезни, которые поджидают отдыхающих у водоёмов

Спорт в России и мире

Главный русский теннисист заставил Париж аплодировать ему стоя. Что удалось Осьминогу Медведеву?

Синнер повторил уникальное достижение Джоковича и Надаля на турнирах «Большого шлема»

Осталась в одиночестве: Андреева победила Грачёву и вышла в четвертьфинал «Ролан Гаррос», Медведева остановил де Минор

Организм был не в состоянии: Потапова прокомментировала поражение на «Ролан Гаррос»

Moscow.media

Накануне в центре Орла случился пожар

Терминал сбора данных (ТСД) промышленного класса SAOTRON RT42G

Дайджест новостей «Грузовичкоф» за май

Торговые настольные электронные весы CAS PR-15P







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *