Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Lebaplylar paýlanan melleklerinde bäş ýyl bäri jaý gurup bilenok

Lebaplylar paýlanan melleklerinde bäş ýyl bäri jaý gurup bilenok

Lebap welaýatynda ýüzlerçe maşgala özlerine bäş ýyl mundan öň döwlet tarapyndan berlen melleklerinde ýol bolmansoň, jaý gurup bilenok we \u sebäpden ýeriň ellerinden alynmagyndan howatyrlanýarlar.

Bu ýagdaý barada Azatlyk Radiosyna habar beren çeşmelerimiz, şol mellekleriň 2014-nji ýylyň aýagynda çölüň içinden ilata paýlanandygyny, emma şol ýere ýoluň henizem çekilmändigini belleýärler. 

"Türkmenabat şäheriniñ "Azatlyk" posýologynda özbaşdak jaý salmak esasynda 2015-nji ýylda paýlanan mellek ýerlerine hatda maşyn geçip bilmeýär, bu kynçylyklara getirýär. Paýlanan mellek ýerlerine hiç tarapdan ýeňil awtoulagly ýa-da ýük ulagly baryp bolmaýar​"- diýip, çeşmämiz 19-njy fewralda habar berdi. 

Çeşmämiziň sözlerine görä, şol mellekleri paýlamak işi 2014-nji ýylyň güýzünde başlanypdyr.

"Indi 6 ýyldan bäri, sol alnan we özbaşdak jaý salmak üçin berlen ýer melegine awtoulagly baryp bolmaýarka jaý salyp bilmeýäris" diýip, çeşmämiz mellek eýeleriniň birine salgylanyp, habar berýär. 

Türkmenabat şäherinde ilata gum içinde mellek ýerlerini paýlamak işi 2014-nji ýylyň güýzünde başlanypdy. 

Şonda Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylary Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň 100-den gowrak ýaşaýjysyna mellek üçin gum içinden ýeriň berlendigini 28-nji oktýabrda habar beripdi we adamlaryň jaý gurmak, ekin ekmek üçin özlerine berlen mellekleri görmäge baran pursatlaryndan surat iberipdi.

Azatlygyň Lebapdaky çeşmesiniň sözlerine görä, şu günki gün ýer eýeleriniň çöldäki melleklerinde jaý gurup bilmändigi sebäpli ýeriň ellerinden alynmagyndan howatyrlanmalary güýçlenýär. Olar özlerine şol ýeriň jaý gurmak şerti bilen berlendigini aýdýarlar.

"Türkmenabadyň häkimiýetleri ýer paýlan wagtynda bize şert bilen, taslamadan çykmazlygy we 5 ýylyň dowamynda jaý salmagy talap edip berdi. Türkmen häkimiýetleriniň tiz wagtda jaý salmadyňyz diýip, elimizden almagy mümkin" diýip, çeşmämiz ýer eýesine salgylanýar.

Lebabyň ýaşaýjylaryna şol mellek ýerleri berlende häkimiýetler olara gaz, tok, suw çekiljegini we beýleki oňaýlyklaryň dörediljegini wada beripdir.

 

 

Şeýle-de, çeşmämiz mellek ýerlerini alan ýaşaýjylaryň indi öz jaý problemasyny çözmek üçin başga mümkinçiliklerden peýdalanmakdan mahrum bolandygyny belleýär. Şol sanda olara ipoteka jaý satyn almak elýeterli bolmaýar.

 

"Indi ipoteka jaýyny almak üçin nobata durjak bolsak 'siziň adyňyza mellek ýeri bar ekeni, adyňyza jaý ýa-da mellek berlen bolsa ipoteka size berilmeýär' diýip jogap berýärler. Biz jaý hem salyp bilmeýäris, ipoteka hem alyp bilmeýäris" diýip, çeşmämiz mellek eýesini sitirleýär.

 

Çeşmämiz çöldäki mellekleriň 2000 müň çemesi adama berlendigini, olaryň ellerinde ähli dokumentleriň bolmagyna garamazdan, ýol we infrastruktura sorap ýazan arzalaryna häkimiýetler tarapyndan üns berilmeýändigini aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýy bilen baglylykda Türkmenabat şäheriniň we Lebap welaýatynyň häkimlikleri bilen habarlaşmaga synanyşdy, emma resmi maglumat hem düşündiriş alyp bilmedi. 

Ýer eýeleri özlerine häkimiýetler tarapyndan täze obanyň we salynmaly jaýlaryň proýektleriniň berlendigini aýdyp, gurulmaly jaýlaryň şol taslamada görkezilişi ýaly bolmalydygyny aýdýarlar. 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

2013 • ОТКРЫТ НАБОР В ХК "МЕТАЛЛУРГ" Г. МОСКВА 2013 г.р.!

Путин прислал траурный венок на похороны полярника Чилингарова

В 6 районах Петербурга временно запретят поездки на электросамокатах

Облачная погода, гроза и до 25 градусов тепла ожидаются в городе 4 июня

Музыкальные новости

В филиалах АО "Желдорреммаш" прошли мероприятия ко Дню защиты детей

Дело об избиении в Московской области азербайджанцем молотком участника СВО расследуют повторно

Собянин открыл пешеходную галерею между станциями метро и МЦД-4 Кутузовская

Энергетики «Смоленскэнерго» готовятся к работе в условиях непогоды

Новости России

День образования российской полиции отмечают 5 июня 2024 года

В Москве начинается скандальный процесс над питерскими генералами: 89 томов

«Не вздумайте покупать этот чай даже по скидке»: Росконтроль назвал 3 марки, которые в черном списке

Госкомитет РТ по закупкам: в Татарстане внедрена достаточно жесткая финансовая дисциплина

Экология в России и мире

Условно разрешенные виды использования земельных участков

В Москве в ТРЦ Columbus открылся магазин O`Stin в формате 4.0

Добрые рисунки: «585*ЗОЛОТОЙ» запустила конкурс ко Дню защиты детей

Российский лоукостер запустил рейсы в Анталию из Махачкалы

Спорт в России и мире

Азаренко не смогла выйти в 1/16 финала открытого чемпионата Франции по теннису

Организм был не в состоянии: Потапова прокомментировала поражение на «Ролан Гаррос»

Синнер повторил достижение Джоковича и Надаля по победам на "Больших шлемах"

Теннисистка из Пятигорска вышла в четвёртый круг турнира Большого шлема

Moscow.media

Военные следователи продолжают оказывать гуманитарную помощь военнослужащим, находящимся в полевых госпиталях

Торжественное возложение цветов к памятному знаку «Юным героям — партизанам и подпольщикам» в Феодосии

Два дня, наполненных театром, музыкой, книгами и наукой, — в Парке Горького во 2-й раз прошел Московский детский фестиваль искусств «НЕБО»

Торговые настольные электронные весы CAS PR-15P







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *