Saud Arabystany umra zyýaratyna gelýänleriň girişini wagtlaýyn togtatdy
Saud Arabystany, koronawirusyň ýaýramak howpy sebäpli, Mekkä umra we Medinedäki metjide zyýarata gelýänleriň girişini wagtlaýyn togtatdy.
Saud resmileriniň 27-nji fewralda beren maglumatyna görä, koronawirusyň ýüze çykarylan döwletlerinden turistik wizasy bilen gelýänler hem ýurda goýberilmez.
Daşary işler ministrligi munuň raýatlary, ýaşaýjylary we syýahatçylary goramak maksady bilen edilýändigini aýtdy.
Ministrlik bu çäklendirmeleriň wagtlaýyndygyny belledi.
Mekkä edilýän umra zyýaraty, hajdan tapawutlylykda ýylyň islendik wagty amala aşyrylyp bilinýär. Umra zyýaratyny her ýyl on müňlerçe musulman amala aşyrýar.
Iýulyň aýagynda başlanmaly haj zyýaratynyň nähili geçjekdigi barada hiç zat aýdylmady.
Hytaýda ýaýrap başlan COVID-19 wirusy bilen Aziýada, Ýewropada we Ýakyn Gündogarda hem kesellediler.
Sebitdäki wirusyň esasy ojagy Eýranda ýüze çykaryldy.