Erdogan we Putin Moskwada duşuşyp, Siriýany maslahat eder
Siriýada dartgynlyk artýan mahaly, türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan we onuň rus kärdeşi Wladimir Putin şu hepde Moskwada gepleşikleri geçirerler diýip, 2-nji martda Türkiýäniň we Russiýanyň hökümetleri habar berdiler.
2-nji martda Türkiýe pitneçileriň soňky galasy Idlibde çaknyşyklaryň artmagynyň yzýany, Russiýa tarapyndan goldanylýan siriýa güýçlerine garşy giň gerimli harby operasiýalaryň başladylandygyny tassyklady.
Soňky dartgynlyk geçen hepde Siriýa tarapyndan amala aşyrylandygy aýdylýan howa zarbasynda 34 türk esgeriniň öldürilmeginiň yzýanyna gabat geldi.
“Prezidentiň 5-nji martda bir günlük Russiýa sapar etmegine garaşylýar” diýlip, türk prezidentiniň edarasynyň ýaýradan beýanatynda aýdyldy.
2-nji martda Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow hem Siriýa barada Moskwada geçiriljek gepleşikleri tassyklady.
Ýöne Kreml Moskwanyň Siriýada uçýan türk uçarlarynyň howpsuzlygyna kepil geçip bilmeýändigi barada Russiýanyň Goranmak ministrliginiň eden duýduryşyna hem ünsi çekdi.
1-nji martda Türkiýe Siriýanyň 19 sany esgerini öldürdi we iki sany hökümet söweş uçaryny urup ýykdy.