Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

“Rosneftiň” başlygy saudlar bilen düşünişmezlikleriň ähmiýetini peseldip görkezýär

Russiýanyň iň uly we kuwwatly nebit kompaniýasy, dünýädäki nebit bahalarynyň ýiti peselmegine sebäp bolan, Saud Arabystany bilen arasyndaky düşünişmezlikleriň ähmiýetini peseldip görkezdi. Mundan başga-da, ol şu ýylyň dowamynda ABŞ-nyň slanets önümçiliginiň bes ediljekdigini, netijede ýagdaýlaryň çalt kadalaşjakdygyny hem öňe sürdi.


“Rosneftiň” dolandyryjysy Igor Seçin 20-nji martda döwlet telewideniýesine beren interwýusynda dünýädäki nebit bahalaryny durnuklaşdyrmaga gönükdirilen “OPEC+” diýilip atlandyrylýan toparyň öz ähmiýetini ýitirendigini aýtdy. Ol muny ABŞ-nyň, Braziliýanyň, Norwegiýanyň we Meksikanyň özleriniň nebit önümçiligini artdyrmagy bilen düşündirdi.


“Eger-de beýleki döwletler özleriniň önümçiligini artdyrsalar, biziň muny kemeltmegimizde many ýok” diýip, Seçin aýtdy.


6-njy martda Wenada “OPEC+” toparyna agza ýurtlarynyň geçiren maslahatynda Russiýa Saud Arabystanynyň teklibi  bilen ylalaşmajakdygyny mälim edipdi. Saud Arabystany, esasan koronawirus pandemiýasy sebäpli dünýäde nebite bolan talabyň peselmeginiň fonunda, onuň bahalaryny durnuklaşdyrmak maksady bilen önümçiligi ýene-de kemeltmegi teklip edipdi.


Moskwanyň bu teklipden ýüz öwürmegiň arkasynda prezident Wlamidir Putiniň ýakyn ýarany Seçiniň hut özüniň durandygy aýdylýar.


Muňa jogap edip, Riýadh ertesi gün nebit önümçiligini 20% töweregi artdyrýandygyny aýtdy. Bu nebitiň bahasynyň soňky 30 ýylyň dowamyndaky iň pes derejesine düşmegine sebäp boldy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *